Aprel aýyndaky üpjünçilik bilen Brent söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 97 dollardan geçdi. Şeýle görkeziji 2014-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri ilkinji gezek hasaba alynýar. Bu barada Londonyň ICE biržasynyň söwda maglumatlaryna salgylanyp, RBK ýazýar.

Baha 97,6 dollara çenli gymmatlady. Nebit Russiýanyň prezidentiniň Donesk we Lugansk Halk Respublikalarynyň (DHR we LHR) garaşsyzlygyny ykrar etmek baradaky kararyndan soň gymmatlap başlady.

Mundan öň, geljek alty-dokuz aýda dünýäde nebitiň bahasynyň 100 dollardan geçjekdigi habar berildi. Bu barada dünýäde nebit söwdasy bilen meşgullanýan iň uly kompaniýalaryň biri bolan Vitol-yň baş müdiri Rassel Hardi aýtdy.