Russiýaly kosmonawt Anton Şkaplerow Ýerdäki beýleki siwilizasiýa ýerlerinden iň uzakda ýerleşýän ilatly ýeriň täze suratlaryny paýlaşdy.
Suratlar Halkara kosmos stansiýasynda düşürildi.
Bu ýerde gürrüň düýbünden nätanyş ada hakynda däl-de, tebigaty we şypahanalary bilen meşhur Gawaýi arhipelagy we onuň iň uly adasy Gawaýi hakda aýdylýar. Ondan ABŞ-nyň kenaryna çenli aralyk 3,7 müň kilometre barabar diýip, Şkaplerow belledi
Mundan ozal kosmonawt orbitadaky suratlary paýlaşdy, olarda ýarylan wulkan Etna 8 km-den gowrak tüsse we kül sütünini çykarýardy.
Muhammedowa Leyli,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.