25-nji fewralda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk görnüşindäki «Gurluşlaýyn dialogyň» çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministrliginiň Günorta we Merkezi Aziýanyň, BMG–niň we Arkalaşygyň işleri boýunça ministri Lord Tarik Ahmad bilen duşuşygy geçirildi.
Interaktiw gepleşikleriň barşynda ministrler ikitaraplaýyn türkmen-britan özara hereketleriniň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şonuň ýaly-da, sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri babatda hem pikir alşyldy.
Diplomatlar iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň hem derwaýyslygyny belläp geçdiler. Raşid Meredow we Lord Tarik Ahmad şonuň ýaly-da, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň, ugurdaş edaralarynyň gepleşikleriniň mümkinçilikleriniň has-da giňeldilmeginiň zerurlygyny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, şeýle çemeleşmeler Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň syýasy-diplomatik, ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky özara hereketleriniň pugtalandyrylmagyna itergi berer.
«Gurluşlaýyn dialogyň» ahyrynda ministrler Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşylk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.