26-njy fewralda paýtagtymyzyň “Garagum” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda, “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasynyň” kabul edilmegi boýunça brifing geçirildi.

Brifinge Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň wekilleri, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we BMG-niň agentlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Temmäkä garşy göreşmek boýunça pudagara utgaşdyryjy toparynyň agzalary we lukmanlar gatnaşdylar.

Brifingiň dowamynda öz çykyşlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekili Mohammad  Faýýazi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky utgaşdyryjysy Aýna Seýitliýewa we beýlekiler çykyş etdiler.

Brifingde çykyş eden halkara guramalaryň wekilleri Türkmenistanyň temmäkä garşy göreşmek we gözegçilik etmek boýunça köp wagtdan bäri netijeli işleri alyp barýandygyny belläp geçdiler. Munuň bolsa temmäkä garşy üstünlikli göreşmek boýunça gowy mysal bolup durýandygyny Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň wekilleriniň eýýäm birnäçe gezek belländikleri aýdyldy. Türkmenistan häzirki wagtda BSGG-niň Ýewropa sebitinde ilkinji orunlaryň birini eýeleýär we bu möhüm ugurda uly möçberli işleri dowam etdirýär.