26-njy fewralda günüň ikinji ýarymynda ýurdumyzyň gündogar sebitiniň saýlawçylary Daşoguz welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary tarapyndan ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşow bilen duşuşdylar.
Dalaşgäriň ynanylan wekili A.Amangeldiýew ýygnananlary M.Ödeşowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony jogapkärçilikli hem-de ak ýürekli adam, tejribeli, başarjaň, öňde goýlan wezipeleri çözmäge ukyply ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.
M.Ödeşow saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary barada aýdyp, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň täze, belent maksatlaryna ýetmäge, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan obasenagat toplumynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmaga, durmuş maksatnamalaryny ýerine ýetirmegi dowam etdirmäge, şäherleri we obalary mundan beýläk-de abadanlaşdyrmaga, bilimi, ylmy, medeniýeti ösdürmäge aýratyn üns berjekdigini belledi.