26-njy fewralda Lebap welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.
Dalaşgäriň ynanylan wekili G.Çendirow ýygnananlary Balkan welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary tarapyndan ýokary döwlet wezipesine hödürlenen B.Gurbanowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony belent adamkärçilik häsiýetlerine eýe bolan, iş ýerinde uly abraýdan hem-de hormatdan peýdalanýan, işjeň, jogapkär hem-de tejribeli ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.
B.Gurbanow saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan edip, ähli tagallasyny Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň dowamynda ýetilen belent sepgitleri mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, onuň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen deňhukukly gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirjekdigini nygtady.