26-njy fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Türkmen Lideri Rejep Taýyp Ärdoganyň hem-de onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjyndan sagalandyklaryna örän şatdygyny belläp, dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen gutlady.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar birek-biregi iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutladylar. Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn depginini belläp, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň wajypdygyny nygtadylar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň çäklerinde energetika ulgamynda, dokma senagatynda, saglygy goraýyşda hem-de beýleki pudaklarda düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen meşgullanýan türk kompaniýalarynyň alyp barýan köpýyllyk üstünlikli işleri netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Şunda geljegi uly türkmen bazarynda depginli işlemäge gyzyklanma bildirýän öňdebaryjy türk kärhanalaryny çekmek arkaly şol hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin örän uly mümkinçiligiň bardygy nygtaldy.
Türkmen Lideri Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň işine we bu düzümiň Aksakgallar geňeşine (Ýaşulular geňeşine) işjeň gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy. Şeýle-de döwlet Baştutany Türki dilli ýurtlaryň Parlament Assambleýasyna we Türki ýurtlaryň Söwda-senagat edarasyna agza hökmünde gatnaşmak mümkinçiligine ýurdumyzyň gyzyklanýandygyny belledi.