Türkmenistan goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna degişli enjamlary bilen
bilelikde transformatory ynsanperwer kömek hökmünde muzdsuz berer.
Türkmenistanyň Prezidendi Gurbanguly Berdimuhamedow transfarmatory bermek
hakyndaky Buýruga duşenbe güni gol çekdi. Resminama laýyklykda bu enjam iki
ýurduň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp,
Owganystana ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen berilýär.
Türkmenistanyň Energetika ministrligi tarapyndan üpjün ediljek transformatoryň
güýjenmesi 220/110/10 kW, kuwwatlylygy 125 MWA bolar.