Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýurdumyzyň Agrar partiýasyndan dalaşgärlige hödürlenen, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.
Dalaşgäriň ynanylan wekili — Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary T.Bäşimowa günbatar sebitiň saýlawçylaryny iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy.
Soňra saýlawçylaryň öňünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär çykyş etdi. A.Bekmyradow saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etmek bilen, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak ýoly bilen ösdürmek boýunça işleriň çäklerinde, binýatlaýyn pudaklar bilen bir hatarda oba hojalygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet beriljekdigini nygtady.
Dalaşgäriň çykyşynda ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny, sebitlerini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, “Döwlet adam üçindir!” şygary astynda amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň çäklerinde has oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, möhüm taslamalary, şol sanda ýaş maşgalalary, köp çagaly maşgalalary, şeýle hem ýaşuly adamlary goldamak boýunça taslamalary durmuşa geçirmek dowam etdiriler.