Geçen ýyl Huawei kompaniýasynyň diňe bir flagman lineýkasyny – P50 hödürländigini ýatladýarys. Hut şonuň üçin Mate 50 smartfonyň çykmagy baradaky habar bu markanyň muşdaklary üçin gowy habar boldy.
Huawei kompaniýasynyň metbugat wekili smartfonlar barada anyk maglumat paýlaşmady. Ol diňe, MWC sergisinde Mate 50 smartfony görmäge umyt baglaýan ulanyjylaryň birine jogap berdu. Takmynan terjime edilende, jogap: “Mate 50 peýda bolar, ýöne häzir däl. Edil häzirki wagtda başga-da üns bermeli köp gowy önümleriňiz bar”.
Häzirlikçe diňe täze çykjak smartfonlar barada täze maglumatlara garaşaýmak galýar.