Sowuk howada aňsatlyk bilen keselläp bilersiňiz. Dürli iýmit önümleri we içgiler ýokanç kesellerden goramaga kömek edip biler. Olara, düzümindäki esasy maddalar kurkuma we bal bolan şerbetler degişlidir. Şeýle hem bu içginiň köp sanly peýdaly häsiýetleri bar.

Bu içgini taýýarlamak üçin size zerdejik (uly bolmadyk bölek), limon (gabygy), kurkuma (bir ýa-da iki çaý çemçesi täze ýa-da guradylan görnüşi), bal (125 gram), gyzyl burç (bir çaý çemçes owradylan burç), gara burç (bir çaý çemçesi), sarymsak (bir diş) gerek bolar. Ilki bilen limon gabygy bilen zerdejigi bir bankada goýmaly, soňra galan önümleri goşup, garmaly. Şondan soň garyndyny bolşy ýaly ýa-da çaýa, gyzgyn suwa garyp içmeli.

Içginiň peýdaly aýratynlyklary barada aýdylanda bolsa, olaryň köp sanlysy bar. Bularyň hemmesi kurkuma (kurkumin), limon ( gabygy C witaminiň çeşmesi) we beýleki önümleriň düzümindäki maddalar bilen baglanyşyklydyr.