Telegram-yň iOS üçin 8.6 belgili beta wersiýasynda telefon belgisi (t.me/+1xxxxx) görnüşinde öz hasabat belgiňize salgylanma döretmek mümkinçiligi peýda boldy.
Bu hakda “Kod Durowa” ýazýar. Şu wagta çenli salgylanma diňe nikneým formatda – t.me/nickname edip bolýardy. Şeýle-de bolsa, salgylanmanyň telefon formaty başga bir ulanyja diňe iki ýagdaýda elýeterli bolar:
-eger telefonyň belgisi siziň kontaktlaryňyzda bar bolsa;
-“Gizlinlik we Howpsuzlyk”> “Telefon belgisi” sazlamalarynda “Telefon belgimi kim görüp biler: Her kim” diýip düzülen bolsa.
Şeýle hem, Telegram kanalyň messendžere goldaw hyzmaty üçin jemgyýetçilik telefon belgilerini eýýäm döredendigi habar berilýär.