“Hindistanyň eksperimental biologiýa žurnalynda” çap edilen gözlegiň netijesine görä, banan holesterini ep-esli azaldyp biler. Bu, 45 adamyň gatnaşmagynda geçirilen synagynyň netijesinde belli boldy. Gatnaşanlaryň 30 sanysynda holesterin ýokary derejedäki ýagdaýdady, 15 sany meýletinçä bolsa ikinji derejeli süýji keseli diagnozy goýuldy. Gözleg 12 hepde dowam etdi. Gatnaşýanlar bu wagtyň içinde her gün ertirlik naharynda 250-500 gram banan iýmeli boldular.

Synag tamamlanandan soň alymlar synag edilýän adamlaryň lipidlerini, insulini we gandaky şeker derejesini ölçediler. Bananlaryň gündelik kabul edilmegi ilki başda holesterini ýokary bolan adamlaryň, holesterinini ep-esli peseldýändigi anyklandy. Şeýle hem banan, gandaky glýukoza derejesine hem oňyn täsir edipdir.

Hünärmenleriň pikiriçe, banan iýilen wagtynda holesteriniň azalmagy olaryň düzüminde süýümiň bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu madda holesteriniň belli bir mukdarynyň içegeden gana geçmeginiň öňüni alýar.