Amerikaly hünärmenler tarapyndan geçirilen gözlegiň dowamynda pyşbagalaryň suwuň aşagyndaky sesleriň şaggyldysy olara täsir edýän wagtynda (gämilerden, gurluşykdan) belli bir wagtlyk ker bolýandyklary ýüze çykdy. Bu barada Amerikanyň geofiziki bileleşigi habar berýär.

Synag üçin alymlar süýji suwda ýaşaýan pyşbagalaryň iki görnüşini saýladylar. Olara ses eşidilende signallary alýan ýörite elektrod oturdyldy. Soňra gözlegçiler, güýçli ak sesleri ýakdylar we pyşbaganyň eşidişini bir sagadyň dowamynda hem-de iki günden soň barladylar.

Görnüşi ýaly, haýwanlarda eşidiş hemişe doly ýagdaýda dikeldilýär. Şeýle-de bolsa, olar güwwüldiniň täsirinden soňra 20 minutlap hiç zat eşitmeýärler. Olardan biri synagdan soňra hem birnäçe günläp gowy eşitmedi.

Hurma PIRNIÝAZOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 222-nji toparyň talyby