Moskwanyň Awiasiýa institutynyň “Sanly tehnologiýalar we maglumat ulgamlary” 307 bölüminiň işgärleri robot küştçini döretdiler. Kafedranyň kömekçisi we inženeri Anton Sokolskiniň sözlerine görä, ilki bilen bu bilim taýdan işläp taýýarlama. Şeýle hem, ol gymmat bahaly senagat üçin robot-manipulýarolarynyň alternatiwasy däldir. Täze robot adaty tagtada adam bilen küşt oýnap biler.
Enjam iki bölekden ybarat. Bu dolandyryş bölegi we manipulýator. Mundan başga-da, robot oýnalýan oýunlary düşürýän wideo kamera bilen enjamlaşdyrylandyr. Robot, Stockfish neýro ulgamynyň kömegi bilen ähli hereketleri ýerine ýetirýär, küşt figuralarynyň hereketine bolsa, özboluşly lalgoritmler jogapkärdir.
Jeren TAGANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 201-nji toparyň talyby