Ýylyň bu döwründe psihiki hassalyklaryň güýçlenmeginiň esasy sebäbi adamyň içki ýagdaýy bilen daş-töweregindäki faktorlaryň arasyndaky laýyk gelmezlikdir.
Ýagny, tizlik bilen gülleýän tebigat, gün we howanyň ýylylygy bilen deňeşdirende onuň içki dünýäsi has garaňky görünýär. Mundan başga-da, häzirki wagtda ýetmezçilik edýän dartgynly ýagdaýlar sebäp bolup biler. Umuman aýdanyňda, ýaz aýlarynda şahsyýetiň bozulmagy, depressiw we bipolýar durnuksyzlyklar ýaly ýagdaýlar bolup geçýär.
Bu şertler şizofreniýa ýaly has agyr keselleri hasam güýçlendirýär we adamynyň şähdiniň üýtgemegine we howsalaly ýagdaýyň ýokarlanmagyna sebäp bolup biler. Şeýle alamatlar ýüze çykan halatynda lukman,şol bada degişli bejergini belläp biljek hünärmen bilen habarlaşmagyňyzy maslahat berýär.
Akmaral SAPAROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 221-nji toparyň talyby