Bütin dünýäde giňden bellenilip geçilýän 8-nji mart “Halkara zenanlar güniniň” näme sebäpden dörändigi, nämden gelip çykandygyny bilmek biziň her birimiz üçin gyzykly bolsa gerek.Geliñ bu baýramçylyk hakynda birnäçe gyzykly maglumatlar bilen tanyş bolalyñ!
Bu baýramçylygyň başlangyjy 1857-nji ýylda Nýu-Ýork şäherinde dokma paýdarlar jemgyýetinde işleýän zenanlaryň zähmet hakynyň pesligi we iş şertleriniň oňaýsyz bolany üçin gozgalaň turuzmalaryndan öz gözbaşyny alýar. Olar iş wagtlarynyň 16 sagatdan 10 sagada çenli azaltmagyny, iş hakynyň ýokarlandyrylmagyny talap edipdirler.
Halkara Zenanlar gününi her ýyl baýram etmek baradaky karar 1910-njy ýylda aýallaryň Kopengagende geçen 2-nji Halkara Konferensiýasynda Klara Setkiniň teklibi boýunça kabul edilýär. Ol ilkinji gezek 1911-nji ýylda Germaniýada, Awstraliýada, Şweýsariýada we Daniýada, 1913-nji ýylda Russiýada geçirilýär. 8-nji mart baýramçylyk däbi Awstriýanyň, Wengriýanyň, Germaniýanyň, Niderlandlaryň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Şweýsariýanyň we başga ýurtlaryň aýallarynyň hut şol güni baýramçylyk hökmünde belläp geçmeklerinden soň pugtalanýar.
Bu baýramçylyk biziň ýurdumyzda hem giňden bellenilip geçilmegi watanymyzda aýal-gyzlara goýulýan uly hormatdan nyşandyr. Hakykatdan hem ýurdumyzyň zenanlary dürli ulgamlarda özleriniň ruhy, intellektual we ahlak mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanýarlar. Türkmenistanyň zenanlary — täze taryhy eýýamy döredijiler, tutanýerli zähmetkeşler. Olar milletimiziň belent ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak we ösdürmek bilen, döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Erkek adamlar bilen deň hatarda döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, medeniýet hem-de saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýärler, telekeçilik işlerini alyp barýarlar, Watanymyzyň ägirt uly gazananlaryna uly goşant goşýarlar.
Ataýewa Gülnar
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby

RU












