Eneler äleme ýaşaýyş hem söýgi berýär. Şonuň üçin halkymyzyň öz enesine goýýan sarpasy örän uludyr. Milli Liderimiz: «Ene kalbynyň päkligi, mähremligi biziň dünýämizi, ýurdumyzy, öýümizi nurlandyrýar. Şoňa görä-de, mukaddeslik hökmünde hormatlap, biz eziz enelerimizi Käbä deňeýäris. Olaryň halal süýt berip ulaldan perzentleri ata Watanyň — eziz Türkmenistanyň wepadar oguldyr gyzlary bolup ýetişip, arzyly maksada alyp barýan menzillerde merdanalyk görkezýär» diýip, enelere bolan söýgini belent derejä göterýär.

Türkmen zenanyna häzirki döwürde goýulýan hormat-sarpa, jemgyýetimizde taryhyň dowamynda emele gelen demokratik ýörelgeler bilen, Berkarar döwletimiziň häzirki oňyn özgertmeleri bilen baglanyşyklydyr. Zenanlaryň arasynda alymlardyr mugallymlar, lukmanlardyr ykdysatçylar, deputatlardyr diplomatlar bar. Şol bir wagtyň özünde olar, ozaly bilen, mähriban enelerdir, wepaly ýanýoldaşdyr, hemaýatkär uýalarymyz we gyzlarymyzdyr, başarjaň öý hojalykçylardyr.

2008-nji ýylda hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilen «Ene mähri» diýen hormatly at döwletimiziň köp çagaly eneleriaýratyn üns-alada bilen gurşap alýandygynyň subutnamasyna öwrüldi. Bu ada 8 we ondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren zenanlar mynasyp bolýarlar. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça uzak ýyllaryň dowamynda päk zähmet çeken zenan maşgalalar üçin «Zenan kalby» ordeni hem döredildi. Bu döwletli başlangyçlar türkmen jemgyýetinde zenanlaryň ruhy we aň-paýhas mümkinçiliklerine ýokary baha berilýändiginiň, olaryň oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine, demokratik ýörelgeleriň kemala gelmegine, medeni däp-dessurlaryň goralmagyna we ösdürilmegine işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Her ýyl däp bolşy ýaly, şu ýyl hem hormatly Prezidentimiziň golaýda gol çeken resminamasyna laýyklykda, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna 60 (altmyş) manat möçberdäki pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gowşurylýan bu sowgat ýurdumyzda zenanlaryň sarpasyny has-da belende galdyrmakda, olaryň jemgyýetdäki ornuny berkitmekde döwlet derejesinde wajyp işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmekde, maşgalany berkitmekde, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde zenanlaryň bitirýän asylly zähmetine ýokary baha berilýär.

Bu günki gün Diýarymyzyň owadan baharlarynyň başy ýene-de gözel tebigatymyzyň ajaýyplygy bilen bäs edýän gül ýüzli zenanlarymyzyň baýramy bilen başlanýar. Hormatly Prezidentimiz halkymyza peşgeş eden bu ajap döwründe gelin-gyzlaryň, eneleriň ornuny, hormatyny has-da beýgeldýär. Ine, şol buýsançly duýgulary baýdak edinip, biz bu günki ajaýyp günlerimizde öz mähribanlarymyza ähli gowulyklary arzuwlap, tüýs ýürekden gutlaýarys. Eziz enelerimiziň mähir-muhabbetden doly ýüzleri hemişe ýylgyryp dursun!

Şamyrat BEGENJOW,

Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ

Halkara gatnaşyklary institutynyñ

Halkara ykdysady gatnaşyklary

fakultetiniñ 1-nji ýyl talyby.