Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz ähli ugurlar babatda ýokary depginde ösýär hem özgerýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallary netijesinde, türkmen ýaşlarynyň kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň göwrümli işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň esasy maksady: ýurdumyzyň bilim ulgamynda daşary ýurt dilleriniň öwredilmeginiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak. Bu Konsepsiýa laýyklykda, dilleri öwretmek bilen baglanyşykly täzelikleri durmuşa ornaşdyrmak, bilimiň ähli basgançaklarynda bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň täze tapgyry durmuşa geçirilýär.
Her bir ýurtda bolşy ýaly, biziň döwletimizde hem ylym-bilimi ösdürmek, ýaş nesli ösen aň-düşünjeli edip ýetişdirmek döwrüň esasy talaplarynyň biri bolup durýar. Dürli maksatly binalar bilen bir hatarda, dünýä ülňülerine laýyklykda bina edilýän bilim ojaklary ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşly, ösen aň-düşünjeli, saýlap alan hünäriniň ussady bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilik döredýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplaryň saýlap alan hünäri boýunça dil öwredilýänligi aýratyn bellärliklidir. Ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygynyň giňden ösýän şertlerinde ýokary bilimli hünärmenleriň daşary ýurt dillerini kämil bilmegi wajypdyr. Dil öwrenmek öz hünäriň ussady bolmagyna eltýär. Daşary ýurt dilini öwretmekde täze tehnologiýalary, innowasion usullary peýdalanmak oňat netije berýär. Häzirki zaman multimedia tehnologiýasyny we interneti ulanmak dil öwrenmekde talyplar üçin esasy zerurlyklaryň biri. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän «Sanly bilim» portallarynyň, elektron kitaphanalaryň dil öwrenmekde ähmiýeti uludyr. Elektron sözlükleri, audio we wideo materiallary, kitaplaryň elektron neşirleri, bilim saýtlary, formatlary we beýlekileri özünde jemleýän bu bilim portallary daşary ýurt dilini öwrenýänlere doly maglumat almaga mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzyň talyp ýaşlary öz hünäriniň mynasyp eýesi bolmak üçin, döwrebap ylym-bilim alyp, dil öwrenip, geljekde döwletimiziň bedew batly ösüşine goşant goşmagy esasy maksat edinýärler. Ine, şeýle beýik maksada ýetmäge bolsa biziň ýurdumyzda doly mümkinçilik bar. Çünki Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz — arzuw-islegleriň hasyl bolýan ýurdy. Döredilýän ähli şertler ýaşlaryň saýlap alan hünärlerini içgin öwrenmäge, jemgyýetinde döwür bilen aýakdaş bolup, öz mynasyp orunlaryny tapmaga şert döredýär.
Sayat etrabynyñ 21-nji orta mekdebiniñ iñlis dili mugallymy.