Amerikan kompaniýasy Microsoft Ukrainada bolup geçýän ýagdaýlar bilen baglylykda Russiýada harytlary satmagy we hyzmatlary hödürlemegi bes etmek kararyna geldi. Bu barada kompaniýanyň saýtynda neşir edilen beýannamada aýdylýar. Muny TASS ýetirýär.
“Şu gün biz Russiýada Microsoft-yň önümleriniň we hyzmatlarynyň täze satuwlaryny togtadýandygymyzy mälim edýäris” – diýip, kompaniýa belledi.
Microsoft Ýewropa Bileleşiginiň, ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň sanksiýalaryna laýyklykda Russiýa Federasiýasynyň çäginde birnäçe iş ugurlaryny bes edýändigini belläp geçdi.