“Formula-1-iň” çempiony Maks Ferstappen 2028-nji ýylyň ahyryna çenli “Red Bullda” çykyş etmegini dowam etdirer diýip, toparyň metbugat gullugy habar berdi. Muny matchtv.ru ýetirýär.

Mundan öň habar beriş serişdeleri 24 ýaşly niderlandiýaly sürüjiniň möwsüm üçin 50 mln dollar girdeji bilen şertnama baglaşyp biljekdigini habar beripdiler.

– Men “Red Bulluň” azyndan 2028-nji ýyla çenli öýüm bolup galjakdygyny aýdýandygyma begenýärin. Men bu topary gowy görýärin we bu beýik ýoly dowam etdirmäge örän şat. Biz bilelikde köp üstünlikleri gazandyk, ýöne bu heniz soňy däl” – diýip, Ferstappen aýtdy. Onuň sözleri “Red Bulluň” Twitterinde getirilýär.

Bahreýnde möwsümden öňki synaglar 11 – 13-nji martda geçiriler.

Ýatlap geçsek, Ferstappen “Formula-1-iň” häzirki çempiony bolup durýar, “Red Bull” bolsa geçen möwsümiň ahyrynda Konstruktorlaryň kubogynda ikinji orny eýeledi. Täze möwsümde toparyň sürüjiler düzümi üýtgewsiz galar: Ferstappenden başga-da ýaryş toparynda meksikaly Serhio Peres çykyş eder.

Selbi RUSTAMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 220-nji toparyň talyby