BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) assambleýasy ýakyn birnäçe ýylda daşky gurşawyň plastik we onuň galyndylary bilen hapalanmagyny gadagan etmegi maksat edinýän rezolýusiýany kabul etdi. Bu barada ýerli habarlar teleýaýlymy ENCA habar berdi diýip, TASS belleýär.

“Biz taryhy ädim ätdik” diýip, ÝUNEP assambleýasynyň prezidenti, Norwegiýanyň Klimat we daşky gurşaw meseleleri boýunça ministri Espen Bart Eýde bu resminama kabul edilenden soň aýtdy. Ol daşky gurşawyň plastik bilen hapalanmagynyň planetanyň biodürlüligine howp salýandygyny belledi.

Kabul edilen rezolýusiýa 2024-nji ýyla çenli plastik hapalanmany gadagan etmek barada kanuny taýdan halkara şertnamasyny taýýarlamaly bolan hökümetara gepleşikler komitetiniň döredilmegini göz öňünde tutýar. Alymlaryň pikiriçe, daşky gurşawyň hapalanmagynyň bu görnüşi Ýer ýüzünde, şol sanda dünýä ummanynda ýygnanan plastik galyndylaryň ägirt uly möçberi sebäpli iň howply görnüşleriň biridir.