Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe hat ýollady.
“1992-nji ýylyň 2-nji marty Birleşen Milletler Guramasyna biziň ýurdumyzyň kabul edilmegini aňladýan, Türkmenistanyň häzirki taryhynda şanly sene bolup durýar. Geçen 30 ýylda Türkmenistan BMG bilen netijeli we bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýdy, bu gurama, biziň pikirimizçe, ähli adamzadyň bähbidine hyzmat edýän üýtgewsiz ählumumy gurama bolup galýar” diýip, türkmen Lideri öz hatynda ysnyşykly hyzmatdaşlygyň netijesinde 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylandygyny, merkeziň işiniň BMG-niň taýýarlan syýasy-hukuk usulyny nazara almak hem-de Bitarap Türkmenistanyň mümkinçiliklerini ulanmak bilen, syýasy gepleşikleri höweslendirmäge gönükdirilendigini nygtady.
Ýeri gelende bellesek, Milletler Bileleşiginiň agzalygyna kabul edilen ilkinji günlerinden Türkmenistan BMG-niň Tertipnamasynda bellenen düzgünlerdir ýörelgelere, Adam hukuklary hakynda ählumumy Jarnama, Baş Assambleýanyň we Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýa görnüşli halkara resminamalaryna hem-de esasy konwensiýalaryna eýermegi özüne borç edinip aldy. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 151 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklap, halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar. Daşary döwletleriň 40-synda ýurduň diplomatik wekilhanalarydyr konsullyk edaralary hereket etse, Türkmenistanda dünýä ýurtlarynyňdyr halkara guramalaryň diplomatik missiýalarynyň 48-si iş alyp barýar. Şol bir wagtda türkmen döwleti halkara ylalaşyklardyr konwensiýalaryň hem 167-sine gatnaşýar, BMG-niň geňeşleriniň, komitetdir komissiýalarynyň 13-siniň düzümine girýär.
BMG-niň edarasy Türkmenistanda 1993-nji ýyldan bäri hereket edip, guramanyň Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy ýaly düzüm birlikleri ilkinjileriň hatarynda ýurtda öz wekilhanalaryny açdy. Häzirki wagtda bolsa guramanyň agentlikleriniň 19-sy onuň ýurt boýunça edarasynyň düzümine girýär.