Müsür, ABŞ we Angliýaly alymlar topary, onuň içinde ýerleşýän her bir otagy jikme-jik öwrenmek üçin kosmiki şöhleler bilen Gizadaky Beýik Piramidany (Heops Piramidasy) gözden geçirmegi meýilleşdirýärler diýip, Universe Today habar berýär

Mundan öň bu “dünýä täsinligi” birnäçe gezek derňelipdi.  Soňky wagtlarda bolsa barlaglar ýokary tehnologiýaly enjamlary ulanmak arkaly geçirilipdi.  Şeýlelik bilen, 2016-2017-nji ýyllarda, ScanPyramids hünärmenler topary mýuon, (üç ölçegli modelleri döretmek üçin ýörite kosmiki şöhleler)  infragyzyl termografiýa we başga tehnologiýalary ulandylar.

Şol wagt alymlaryň ähmiýetli açyşy “uly boşluk” diýlip atlandyryldy – Uly galereýanyň üstünde ýerleşýän otuz metre ýetýän giňişlik.

Daýanç TÖRÄÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 219-njy toparyň talyby