Indi Dubaýa gelmek üçin sanjym edilen syýahatçylar, PZR barlaglaryndan geçmek zerur däl. Iňlis dilinde okalýan şahadatnama bilen QR kod görkezmek ýeterlikdir. Koronawirus üçin test diňe bir gezek – howa menzilinde serhet gözegçiliginden geçenden soň tabşyrmaly.

Sanjym edilmedik syýahatçylar üçin gelmezden 48 sagat öň alnan PZR talaplary öňküligine galýar.

Mundan başga-da, ýerli häkimiýetleriň kararyna görä, diňe Dubaýda däl, eýsem ähli emirliklerde köçelerde agyz-burn örtügini ​​geýmek zerur däldir.

Abu-Dabi hem 28-nji fewraldan başlap, käbir çäklendirmeleri  aýyrýar.  Sanjym edilmedik jahankeşdeler edil sanjym edilenler ýaly  şol bir şertlerde emirlige gelip bilerler: olar zerur bolan 10 günlük karantini geçmeli bolmazlar.  Emma, şahadatnamasyz ýerli gözel ýerlere baryp görüp bolmaz.