Häzirki wagtda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak boýunça dünýäniň döwletleriniň ençemesinde milli maksatnamalar işjeň durmuşa geçirilýär. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen biziň ýurdumyzda hem sanly ykdysadyýeti ösdürmek hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak wezipelerine aýratyn üns berilýär.

Ykdysadyýet ulgamyna ylmyň we ösen tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň düýpli ornaşmagy bilen täze düşünje, «sanly ykdysadyýet» adalgasy emele geldi. Sanly ykdysadyýet düşünjesi sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň netijeli peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamydyr.

Sanly ykdysadyýetiň esasy möhüm aýratynlyklarynyň biri, onda önümçiligiň esasy şerti hökmünde sanly maglumatlar ulgamynyň jemlenmegidir. Hojalygy ýöretmegiň adaty görnüşlerinden tapawutlylykda, ykdysadyýetiň sanly ulgamy önümçilik pudaklarda täze tehnologiýalaryň we enjamlaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna ýokary hilli önümleri öndürmäge, şeýle-de harytlaryň öndürilişiniň, saklanylyşynyň we bazarlarda ýerleşdirilişiniň hem-de ýokary derejedäki hyzmatlaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýändigi sanly ykdysadyýetiň wajyp aýratynlygydyr.

Milli ykdysadyýetiň ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirýän tölegler ulgamy hem sanly ykdysadyýetiň aýrylmaz böleginiň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň raýatlary indi birnäçe ýyldan bäri plastik kartlaryň hyzmatyndan peýdalanyp gelýärler. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bank edaralary tarapyndan töleg terminallarynyň üsti bilen geçirilýän tölegleriň görnüşleri sanardan köpdür. Bank kartlarynyň şeýle amatlyklary diňe bir raýatlarymyzyň pul we goýum serişdeleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, dürli töleg amallaryny amala aşyrmakda hem uly ähmiýetiniň bardygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Plastik bank kartlarynyň elektron hasaplaşyk ulgamynyň döredilmeginde, sanly ykdysadyýetiň gündelik durmuşymyza ornaşmagynda örän wajyp orna eýedir. Çünki biz bu bank kartlaryň üsti bilen dürli töleg görnüşlerini geçirmäge, islendik wagtda nagt pul serişdelerini almaga mümkinçilik alýarys. Şeýle-de pul serişdelerimiziň howpsuzlygy we hasabymyzdaky galyndylara goşmaça göterimleriň-tölegleriň goşulmagy aýratyn bellärliklidir. Syýahatçylyk döwründe myhmanhana we uçar peteklerini almakda, dünýäniň islendik söwda merkezlerinden we dükanlaryndan harytlary satyn almakda, internet ulgamy arkaly harytlary we hyzmatlary tölemekde plastik bank kartlarynyň ähmiýeti has-da ýokarydyr.

Eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokary derejelere çykmagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Rüstem GURBANOW,

Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ

Halkara gatnaşyklary institutynyñ

Halkara žurnalistikasy

fakultetiniñ 4-nji ýyl talyby.