2022-nji ýylyň 12-nji martynda 7:00-dan 19:00-a çenli ähli saýlaw uçastoklarynda ildeşlerimiz öz konstitusion hukugyndan peýdalanyp, raýatlyk borjuny berjaý etdiler. Açyklyk hem deňhukuklylyk esasynda alnyp barylýan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary häzirki zaman türkmen jemgyýetinde demokratiýanyň dabaralanmagynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy bolup dünýä ýaň saldy.
Şol gün ýurdumyz boýunça 2577 sany saýlaw uçastogynda raýatlarymyzyň erkin hem-de meýletin ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärlere ses bermekleri üçin ähli mümkinçilikler döredildi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda geçirilen Prezident saýlawlary ýurdumyzda milli demokratik ýörelgeleriň barha ösýändigini, halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan netijeli syýasatyna dogry düşünip, döwletimiziň mundan bu ýana hem berkararlygyny üpjün etmekde mynasyp goşandyny goşýandygyny ýene bir ýola äleme äşgär etdi. Mälim bolşy ýaly, bu saýlawlar döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda ýola goýlan ata Watanymyzyň mundan beýläk-de ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, daşary döwletler hem-de halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmaga, halkymyzyň rowaç gadamlarynyň ümzügini has-da ilerletmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärligiň milli demokratiýa esaslanmagy halkymyzyň ýurt ykbalyna dahyllylygyny kesgitleýär. Bularyň ählisi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine laýyklykda, düzgün-tertip, jogapkärçilik esasynda alnyp barylýar. Ýörite synçylar toparynyň döredilmegini hem-de bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik işine daşary ýurtlardan-da birnäçe synçy toparlaryň gatnaşandygyny aýratyn bellemek munuň şeýledigine doly şaýatlyk edýär.
Saýlaw möwsüminde dalaşgärler bilen saýlawçylaryň arasynda yzygider duşuşyklaryň guralyp, pikir alyşmalaryň geçirilmegi, dalaşgärleriň ähli matlap-maksatlarynyň saýlawçylara doly ýetirilmegi aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Açyklyk hem-de deňhukuklylyk esasynda geçirilen bu işler ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ählisinde dalaşgärleriň hemmesine deň derejede şöhlelendirildi. Hut şonuň üçin hem 12-nji martda geçirilen Preziden saýlawlaryny türkmen demokratiýasynyň dünýä ýüzünde dabaralanmasy diýip arkaýyn aýdyp bileris. Goý, halkyň saýlan täze döwlet Baştutany bilen berkarar döwletimiziň ösüşleri dowamat dowam bolsun!
Ýusupowa Leýla
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener Mehanika fakultetiniň öwreniji mugallymy