Owganystanyň Dag magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar Owganystanyň TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge doly taýýardygyny nygtady.

Onuň: “Owgan tarapyndan hiç hili mesele ýok, ýakyn wagtda işi ýola goýmak üçin elimizden gelenini ederis. Owal howpsuzlyk meselesi bardy, ýöne häzir Owganystanda howpsuzlyk doly üpjün edildi, TAPI boýunça hyzmatdaşlarymyz hem mundan habarly” – diýen sözlerini Tolo news habar berýär.