Türkmen halky asyrlaryň dowamynda ylym-bilime aýratyn üns beripdir we ýaş nesilleri kämil ýetişdirmegiň nusgalyk ýoluny goýupdyr. Ýaş nesilleriň terbiýesinde hem çeper sözlülik, pähimli sözler bilen täsir etmek ýaly ugurlara aýratyn üns berlipdir. Muňa biz türkmen nakyllarynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Bu barada şeýle nakyllary görkezmek bolar: «Bilmeýän zadyňy kitapdan sora», «Okasaň, bilim alarsyň, hemme zady bilersiň», «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer». Görşümiz ýaly, ata-babalarymyz ýaş nesilleri parasatly sözleriň üsti bilen terbiýeläpdirler.
Halkyň asyrlardan gelýän terbiýeçilik mekdebi kämilligiň nusgasydyr. Halkymyz ir döwürlerden bäri paýhasa ýugrulan kitaplary sarpalapdyr, ogul-gyzlaryna okamagy maslahat beripdir. Pähim-paýhasa ýugrulan eserler adamyň iň ýakyn dostuna öwrülipdir. Kitaby hemişe egsilmeýän baýlyk hasaplapdyrlar. Şeýle kitaplara nusgawy eserler, taryhy çeşmeler degişli bolupdyr. Gadymy ýazuw ýadygärliklerimiziň hatarynda Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugat et-türk», Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» we beýleki köp sanly eserleri görkezmek bolar. Magtymgulynyň goşgularynyň guba düýä degýändigi belli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasynda örän täsirli açylyp görkezilýär.
Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda ene dilimizde ençeme kitaplar ýazylypdyr, pähim ummany bolan bu kitaplar biziň günlerimize ýetip gelipdir. Pähimdar ata-babalarymyz dürli kitaplary nesillere miras goýupdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu kitaplar ylmy esasda öwrenilip, geçmişiň gymmatly mirasy hökmünde okyjylara ýetirilýär. Umuman, halkymyzyň nesil terbiýesi boýunça nusgalyk mekdebi kitaplarda öz beýanyny tapýar. Biz hem ýaş nesillerimiziň söz baýlyklarynyň artmagy üçin olara kitap okamagy maslahat berýäris. Kitap okaýan ynsanyň diňe bir söz baýlygy köpelmän, eýsem, dünýägaraýşy hem giňeýär.