Britaniýaly alymlar ýüzdäki ýara yzlaryny bejermegiň täze usulyny oýlap tapdylar. Onuň üçin adam öýjükleri gerek bolar.
Gözlegçiler bu öýjükleri burnuň we gulaklaryň kekirdewüginiň 3D görnüşini çap etmek üçin ulanmagy maksat edinýärler. Geljekde olary, dogabitdi kemçilikleri ýa-da ýanyk sebäpden dörän ýüzdäki ýanyk yzlary, şikesleri we keseli bolan adamlary bejermek üçin ulanylyp bilner.
Suonsi şäheriniň plastika boýunça hirurgiýanyň hünärmeni iň sözlerine görä, 3D görnüşli çap etmegiň ulanylmagy operasiýalary çaltlaşdyrar, hassanyň tejribesini ýokarlandyrar we çykdajylary azaldar. Ol, kliniki synaglaryň “ýakyn wagtlarda, iki-bäş ýylyň içinde” geçiriljekdigine umyt bildirdi. Bu, daşky görnüşlerinde kemçiligi bolan näsaglara umyt döredýär. Mysal üçin, gulluk edýän gämisine partlaýjynyň düşmegi netijesinde, bedeninde 85-90% -den gowrak ýara yzlary bolan uruş weterany Saýmon Ueston umyt bilen garaşýanlaryň biri.
Orazjahan ÝAZDURDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 216-njy toparyň talyby