Fransiýanyň Milli Ylmy Gözleg Merkeziniň gözlegçileri, höweslendirme duýgusyny ulanyp, Formica fusca garynjalaryny taýýarladylar. Alymlar taýýarlyk tamamlanandan soň birnäçe minudyň içinde garynjalaryň sagdyn adam öýjüklerini rak öýjüklerinden tapawutlandyryp bilendiklerine göz ýetirdiler.

Topar garynjalaryň ýadyny tejribe arkaly barlagdan geçirdiler. Olar, garynjalaryň öz wagtyny, bilmek üçin endik etdirilen ysyň töwereginde geçirendiklerini gördüler. Şeýle hem olar, garynjalaryň rak öýjükleriniň iki dürli ugruny tapawutlandyryp bilendiklerine göz ýetirdiler.

Şeýle hem, munuň garynjalar üçin neşe, partlaýjy maddalar ýa-da başga keseller ýaly beýleki yslary ýüze çykarmagyna mümkinçilik döredýändigini öňe sürdüler.

Gültäç SÄHEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 215-nji toparyň talyby