Omdia analitiki kompaniýasynyň hünärmenleri, 2021-nji ýylda iň meşhur çeýe smartfonyny ýüze çykarmaga kömek edýän gözleg geçirdiler.
Üýtgeşiklik bolmady – ilkinji ýerde Samsung kompaniýasynyň ozüne laýyklaryň sanawyndaky iň el ýeterli enjam Galaxy Z Flip 3 durýar. Smartfon 4,6 mln sany satylmagy başardy. Ikinji ýerde Koreýa kompaniýasynyň ýene bir çeýe flagmany – Galaxy Z Fold 3 (2,5 mln sany) bar.
Ilkinji üçligi bolsa Huawei kompaniýasynyň – Huawei Mate X2 telefony ýapýar. Ony Galaxy Z Fold 3 smartfonyna garanyňda 5 esse az adam satyn aldy – 500 müň sany.
Şeýle hem Omdia tarapyndan taýýarlanan sanawda Samsung Galaxy Z Flip 5G, Galaxy Z Fold 2 5G, Huawei Mate X2 4G, Xiaomi Mi Mix Fold, Oppo Find N ýaly enjamlar öz ornuny tapdy.