Britaniýanyň milli saglyk gullugynyň wekilleriniň sözlerine görä, köplenç ýagdaýda uky bilen baglanyşykly meseleler bir aýyň içinde öz-özünden aýrylýar. Ýöne, bütin ömrüniň dowamynda şeýle meselelere duçar bolýan adamlar hem bolýar. Şeýle-de bolsa, ukyny gowulaşdyrmaga kömek edýän önümler bar.

“Beýni üçin iýmit” gaznasynyň hünärmenleriniň bellemegine görä, magniý – bu tebigy rahatlandyryjydyr. Başgaça aýdylanda,ol dynç almaga kömek edýän serişdedir. Bu madda kädiniň çigidinde, ýaşyl ýaprakly gök önümlerde bolýar. Üstesine-de sanalan önümlerde ol has hem köpdür.

Şeýle hem ak kelem, ysmanak, täze, ter otlaryň kömegi bilen bedendäki magniý mukdaryny köpeldip bilersiňiz.

Mundan başgada, hünärmenler magniniň gan basyşyny peseldip biljekdigini bellediler.

Selbi NAZAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 213-nji toparyň talyby