Täze derňewleriň netijesine görä, alty simwoldan ybarat bolan parollaryň haýsy nyşanlaryň oňa girýändigine garamazdan, ony şol bada döwüp bolar.

Ýedi ýa-da sekiz simwoldan ybarat, ýöne diňe sanlardan ýa-da kiçi harplardan ybarat bolan parollar hem çalt döwülýär. Amerikanyň Hive Systems kiberhowpsuzlyk kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, sekiz simwoldan ybarat islendik kombinasiýasyny takmynan 39 minutda çaklap bolýar.

Emma parolyňyzyň 438 trillion ýyl döwülmejekdigine göz ýetirmek isleseňiz meselem onda 18 sany simwoly ulanmaly: sanlar, ýokarky we aşaky registir harplary we ýörite nyşanlar.

Gülnara RAMAZANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 212-nji toparyň talyby