Çaga lukmanynyň düşündirmegine görä, 14-16 ýaşa çenli ýetmedik çagalara “uly” dermanlary,aýratyn hem “pediatrik görnüşli düşündirişi bolmadyk” dermanlary berilmeli däldir.
Hünärmeniň pikiriçe, “çykgynsyz” ýagdaýlarda egerde çagaňyza uýgunlaşan derman serişdelerini ulanmak mümkinçiligi ýok bolsa onda iň oňat wariant, size kanagatly çözüm tapyp biljek öz bejergi alýan lukmanyňyza jaň etmekdir. Adatça dermanyň çaklanylýan dozasy çaganyň agramyna we ýaşyna görä hasaplanýar.
Lukmanyň belläp geçişi ýaly, käbir dermanlaryň çagalar üçin görnüşde asla ýokdugyny ýatdan çykarmaly däldiris. Şeýlelik bilen, 14 ýaşa çenli çagalara aspirin içmek gadagan edilendir – onuň birnäçe subut edilen agyr täsirleri bar. Olaryň arasynda jyns organlarynyň kemala gelmegi, süňkleriň ösmegi we dişleriň ösmeginiň bozulmagydyr.
Ylýas TATOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 208-nji toparyň talyby