Smitsoniwsk institutynyň gözlegçileri, adamyň Ýere ýetirýän çuňňur täsiri bilen bellenen geologiki döwür – Antroposen döwrüniň başyndan bäri haýsy ösümlik görnüşleriniň adamlar tarapyndan has köp ejir çekendigini anyklamagy kesgitlemek üçin öz öňlerinde maksat goýdular, olaryň arasynda global ýylylyk, tokaýlaryň ýok edilmegi we industrializasiýanyň beýleki ýaramaz täsirleri hem bar.
Olar, halkara maglumatlar bazasyndan dürli görnüşli ösümlikleriň maglumatlaryny ýygnapdyrlar we 86 592 ösümlik görnüşiniň maglumatlaryny seljerdiler: olar oba hojalyk ekinleri, haşal otlaryň inwaziw görnüşleri, goralmaga mätäç ýitip gitmek howpy abanýan görnüşler ýa-da seýrek görnüşler.
20 290 töweregi ösümlik görnüşi “ýitirilenler” kategoriýasyna girýär – meselem başga hiç ýerde ösmeýän Gaitidäki magnoliýa agajy. Sikadalar, serwi agaçlar maşgalasy ýaly kiçijik ösümlik görnüşleri, meselem, gyzyl arça agajy ýaly ösümlikler düýbünden ýok bolup biler.
Kalandarow Didarjan,