Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy ýakyn wagtda Türkiýede gadyrly myhman hökmünde kabul etmäge şatdygyny hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, geljekki bilelikdäki ädimleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny beýan etdi. Bu barada türk Lideriniň türkmen döwletiniň täze Baştutanyna ýollan gutlag hatynda aýdylýar.

«Siziň kakaňyz, gadyrly Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ägirt uly üstünlikler gazanan Türkmenistanyň Siziň Alyhezretiňiziň ýolbaşçylygynda şol gazanylanlary has-da ösdürip, geljekde hem uly sepgitlere ýetjekdigine berk ynanýaryn. Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden hem-de diplomatik gatnaşyklary ýola goýan döwlet bolmak bilen, geçen 30 ýylyň dowamynda Siziň ýurduňyz bilen doganlyk gatnaşyklaryny hemişe pugtalandyryp gelýär» diýmek bilen, mundan beýläk-de Türkmenistan bilen ýakyn gatnaşyklary dowam edip, türkmen doganlarynyň üstünliklerine buýsanjakdyklaryny belledi.

«Ýakyn wagtda Siziň Alyhezretiňizi Türkiýede gadyrly myhman hökmünde kabul etmäge şatdyryn hem-de şeýle mümkinçilikden peýdalanyp, geljekki bilelikdäki ädimlerimizi ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyryn» diýip, jenap Ärdogan Türkmenistanyň saýlanan Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.