15-nji martda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Gazagystanyň Baştutany türkmen kärdeşini Türkmenistanyň oňyn ösüşini we jemgyýetiň demokratiýalaşdyrylýandygyny görkezen Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.
Türkmen Lideri ýurdumyzyň merkezi saýlaw toparynyň yglan eden netijeleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Serdar Berdimuhamedowyň saýlanandygyny habar berip, özüniň syýasy işini Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde dowam etjekdigini belledi.
Döwlet Baştutany döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça soňky ýyllaryň dowamynda köp sanly netijeli duşuşyklaryň geçirilendigini we bilelikdäki işleriň amala aşyrylandygyny kanagatlanma bilen belläp, türkmen-gazak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine, onuň iki doganlyk halkyň bähbitlerine täze mazmun bilen üstüniň ýetiriljekdigine ynam bildirdi.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew öz ýurdunyň köpugurly gazak-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ygrarlydygyny tassyklap, Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy gazanan ýeňşi bilen gutlady we oňa ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz gezeginde, gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, doganlyk Gazagystan bilen köptaraply gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan häzirki daşary syýasy strategiýany dowam etjekdigini nygtady.