15-nji martda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda Gyrgyzystanyň Baştutany türkmen Liderini nobatdan daşary Prezident saýlawlarynyň giň bäsdeşlik esasynda üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutany merkezi saýlaw toparynyň 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň yglan eden netijelerine laýyklykda, Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylandygyny habar berdi we öz işini Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde dowam etjekdigini belledi.

Öz gezeginde, Prezident Sadyr Žaparow Gyrgyzystanda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy ömrüni doganlyk ýurduň ösdürilmegine hem-de onuň halkara abraýynyň pugtalandyrylmagyna bagyş edýän parasatly syýasatçy hökmünde gowy tanaýandyklaryny we sarpa goýýandyklaryny nygtady.

Prezident Sadyr Žaparow pursatdan peýdalanyp, täze kärdeşini iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen gutlap, berk jan saglyk we jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. Biz umumy bähbitlere kybap gelýän gyrgyz-türkmen syýasy we ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen bilelikdäki meýilnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine berk ynanýarys diýip, Gyrgyzystanyň Baştutany belledi.