15-nji martda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Türkmen Lideri merkezi saýlaw toparynyň 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynda Serdar Berdimuhamedowyň ynamly ýeňiş gazanandygyny mälim edendigini belledi hem-de özüniň mundan beýläk Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işini dowam etjekdigini aýtdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara, sebit guramalarynyňdyr düzümleriniň çäklerinde sazlaşykly ösdürilýän türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejä we netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Şeýle-de şu ýyl Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň belleniljekdigi barada aýdyldy.

Soňra telefon söhbetdeşligi Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen dowam etdi. Prezident Wladimir Putin türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyny saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bu möhüm we jogapkärli wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Russiýa bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlary dowam etdirmäge taýýardygyny belledi.