Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

«Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň dowamynda döwleti gurmakda we milleti galkyndyrmakda okgunly ösýär. Hytaý tarapy dostlukly ýakyn goňşy hem-de strategik hyzmatdaş hökmünde muňa örän şatdyr. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze belent sepgitlere ýetjekdigine berk ynanýaryn. Men hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýärin hem-de diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyndan başlap, Siziň bilen bilelikdäki tagallalary etmäge, ýola goýlan däpleri dowam etdirmäge, geljek üçin täze ugurlary açmaga we hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlygynyň täze sahypalaryny bilelikde ýazmaga taýýardyryn» diýip, Si Szinpin öz hatynda nygtady.