15-nji martda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Seýed Ebrahim Raisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanda döwlet Baştutanynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Seýed Ebrahim Raisini 12-nji martda geçirilen saýlawlaryň jemleri bilen tanyşdyrdy. Türkmen Lideri ählihalk ses berlişiginiň netijeleri boýunça Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti diýlip yglan edilendigini belläp, şu pursatdan başlap özüniň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde iş alyp barmagy maksat edinýändigini habar berdi.
Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa jogapkärli döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi birek-birege hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.