Halkymyzyň kitaba hormat goýmak däbiniň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýandygyny buýsanç bilen belleýän hormatly Prezidentimiz şu ýylyň fewral aýynyň 18-ine Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisinde özüniň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly ajaýyp eseriniň çapdan çykandygyny mälim etdi. Bu gymmatly kitap ýurdumyzda giňden bellenilip geçilen Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe ajaýyp sowgat boldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly ajaýyp eserinde ýurdumyzy ösdürmegiň dürli ugurlary: daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki ugurlar boýunça milli Liderimiziň pikirleri öz beýanyny tapýar.
Häzirki döwrüň syýasy wakalaryny, halkara gatnaşyklaryny aýdyň beýan edýän täze kitapda hormatly Prezidentimiziň çykyşlary, daşary ýurtlaryň habar beriş serişdelerine beren interwýulary ýerleşdirilipdir. Şonuň üçin hem bu kitabyň maglumatlara, çuňňur manyly pikirlere baýdygyny aýratyn bellemek gerek.
Hormatly Prezidentimiziň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitaby her birimiz üçin gymmatly gollanma bolup durýar. Esasan hem, ýaş nesilleri watansöýüji, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmekde täze kitabyň ähmiýeti uly bolar. Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli çapdan çykýan gymmatly kitaplary halkymyza sowgat bolup, okyjylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen okalýar.
Kitapda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýeti, halkara gatnaşyklary kadalaşdyrmakda «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýlen filosofik düşünjäniň mazmuny giňden açylyp görkezilýär. Parahatçylyga, ählumumy howpsuzlyga, ynanyşmaga, dost-doganlyga çagyrýan bu ajaýyp eser Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgelerini açyk görkezmek bilen, halkara gatnaşyklarda nusgalyk derejä eýe bolan ýurduň milli tejribesi barada jikme-jik gürrüň açýar.
Bize şeýle ajaýyp eserleri peşgeş berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaç alsyn!
Yslam Tyllanurow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener Mehanika fakultetiniň uly mugallymy

RU












