Elektron hökümeti ornaşdyrmagyň netijesinde raýatlary sanly gurşawa işjeň utgaşýarlar, döwlet hyzmatlaryny bermeklik ýeňilleşýär (kepilnama, rugsatnama we ş.m. almak). Elektron hökümetiň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, döwlet edaralaryň işini maliýeleşdirmek we ony saklamak üçin edilýän çykdaýjylary azaltmaga, netijede salgyt töleýjileriň serişdelerini tygşytlamaga, şeýle hem döwlet dolandyryş edaralarynyň açyklygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem elektron hökümet häkimiýetiň iki sany esasy meselesini çözmäge hem mümkinçilik berýär: çözgütleri kabul etmegi çaltlandyrýar, bir penjire prinsipi boýunça häkimiýet bilen raýatlaryň we işewürligiň aralaryndaky aragatnaşygy elektron görnüşe geçirýär.

   BMG elektron hökümeti gurmak prosessini 5 tapgyra şertli bölýär:

1. Başlangyç tapgyr, döwletiň internet giňişliginde ýagdaýy. Ol döwlet tarapyndan ulanyjylara birtaraplaýyn hödürlenýän we esasy maglumatlary saklaýan, resmi döwlet saýtlaryň barlygy bilen häsiýetlenýär.

2. Döwlet edaralarynyň saýtlarynyň internetde işjeňligi. Bu ýagdaýda döwlet tarapyndan ulanyjylara hödürlenýän maglumatlar dinamiki bolup, ulanyjylara maglumatlara elýeterlige, formalary dolandyrmaga, döwlet edaralaryna aragatnaşyga mümkinçilik has köp berilýär.

3. Döwletiň internetde interaktiw gatnaşygy. Ol ulanyjylar bilen döwletiň arasynda maglumat alyş-çalyşygy amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bu formalary doldurmakda, käbir on-line serwisleri, arzalary on-line ugratmaga uly mümkinçilikleri berýär.

4. Döwletiň internetde transaksiýalar derejesinde barlygy. Bu ýagdaýda ulanyjylar öz zerurlygynyň esasynda maglumatlara elýeterlik alýarlar, özleriniň on-line arzalarynyň statusyny barlap bilýärler, on-line amala aşyrylan dürli transaksiýalary amala aşyryp bilýärler (salgytlary tölemek, gümrük paçlaryny, institutlardaky okuwlaryň töleglerini).

5. Döwletiň internetde doly integrirlenen ýagdaýda barlygy. Bu ýagdaý ähli döwlet internet resurslaryny döwlet hyzmatlaryň bir ýeketäk portalynyň çäklerinde jemlemegi bilen häsiýetlenýär.

   Sanly hökümet ilata, internet – tehnologiýalar arkaly öz alyp barýan işlerini aýan etmek ýoly bilen, ýurduň durmuşyna täsir etmekde uly mümkinçilikleri berýär. Şol bir wagtda internet döwleti dolandyryş edaralaryna, sarp edijä maksimal uýgunlaşan täze hyzmatlary hödürlemek arkaly, öz täsirini we ornuny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, elektron hökümet – bu bar bolan prossesleri awtomatizirlemek däl, döwlet edaralarynyň işlerini elektron görnüşe çalyşmak dälde, döwletiň işiniň netijeliligini umuman ýokarlandyrmaga gönükdirilen, raýatlar bilen häkimiýetiň arasynda täze aragatnaşygy we täze prossesleri döretmek bolup durýar.

                       Hangeldiýewa Haltäç 

                    Aşgabat şäherindäki agrosenagat 

                     orta hünär okuw mekdebiniň talyby