Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman tehnologiýalaryny dolandyryş ulgama işjeň ornaşdyrmagyň möhümdigini belläp, iň oňat dünýä tejribesini hem-de häzirki zaman guramaçylyk çemeleşmelerini ornaşdyrmak boýunça wezipeleri utgaşdyrmak bilen ähli işlere döredijilikli çemeleşmegiň möhümdigini belleýär.
Sanly ykdysadyýetiň innowasiýalara, ykdysady ösüşe itergi beriji güýji hökmündäki ornuny barha pugtalandyrmagy, «sanly önümçilige» geçilmegi täze pudaklary emele getirýär. Ykjam çözgütler, bulut tehnologiýalary, maglumatlaryň sanly seljermesi ýaly häzirki zaman tehnologiki ösüş meýilleri täze mümkinçilikleri açýar. Sanly ykdysadyýetiň üstünlikli hereket etmegi üçin esasan üç ugruň berjaý edilmegi zerur bolup durýar. Olar Internetiň elýeterliligi, programma üpjünçiligi, kämil tele aragatnaşyk ýaly üpjünçilik ulgamynyň, hojalyk işini kompýuter torlary arkaly dolandyrmak boýunça elektron işewürliginiň we harytlaryň, hyzmatlaryň internet arkaly ýerlenilmegini üpjün edýän elektron söwda ýaly ugurlardyr.
Türkmenistanyň innowasion ösüş ýoly ähli pudaklaryň hünärmenlerinden ýokary ussatlygy we ylym-bilim kuwwatynyň yzygiderli ösdürilmegini, ýagny oňat taýýarlykly hem-de döredijilikli pikir etmegi we ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan erkin baş çykarmagy başarýan ýokary hünärli hünärmenleriň täze neslini terbiýeläp ýetişdirmegi talap edýär. Bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmeginiň esasy şertine öwrüldi.