Ýurdumyzda uly jemgyýetçilik-syýasy çäräniň— Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi hem-de onuň esasynda Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň döwlet Baştutanynyň wezipesine saýlanylmagy döwletimizde demokratiýanyň giňden dabaralanýandygynyň aýdyň subudy boldy.
Milli Liderimiziň demokratik ýörelgeleri esasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň Agrar partiýasy, şeýle hem ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine 9 sany dalaşgär hödürlenildi. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen saýlaw möwsüminiň hemme tapgyrlary öz wagtynda we hereket edýän kanunçylygyň talaplaryna hem-de umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda guraldy.
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň ählihalk ses bermegiň jemleri boýunça gazanan ynamly ýeňşi, türkmen halkymyzyň döwletimiziň mundan beýläk-de ösdürilmegine, raýatlaryň abadançylygynyň hem-de ýurdumyzyň halkara derejede abraýynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasyna bildirilen ýokary ynamyň we goldawyň subutnamasydyr. Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň ata Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri üçin kesgitlenen milli strategiýanyň belent maksatlaryny hem-de wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek arkaly, durnukly ösüşiň ýoly bilen ýurdumyzy okgunly öňe alyp gitjekdigine edilen beýik ynamdyr.
Yslam Tyllanurow
Türkmen döwlet binagarlik-gurlusyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ uly mugallymy.