Dietolog-lukmany Dewid Staş şekere bolan islegiňizi nädip ýeňip geçmelidigini düşündirdi.

Onuň sözlerine görä, haýsydyr bir tagamly, süýjili zatlary iýmek üçin güýçli isleg dörän wagty, bir bulgur suw içmeli – bu açlyk duýgusyny azaldar.  Şeýle hem süýjilige bolan islegiňizi, düzüminde az mukdarda uglewodlar we köp mukdarda beloklar bolan önümler bilen aýryp bolar.

Mundan başga-da hünärmen, süýjüliklere bolan islegleriňiz bilen göreşmegiň serişdesi hökmünde, fiziki işjeňligi maslahat berdi.  Çalt ädimler bilen aýlanmaklyk ýa-da ylgamaklyk, süýjüliklere bolan islegleri azaldýar diýip bellenýär.

Şeýle hem sarp edilýän şekeriň mukdaryna gözegçilik etmek üçin, Staş, önümlerdäki bellikleri öwrenmegi maslahat berdi.

Aýnur SADULLAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 204-nji toparyň talyby