Nýu-Yorkyň şäher ýangyn bölümi (FDNY) 75 müň dollara iki sany Boston Dynamics robotyny satyn alandygyny we ony adamlaryň “yzyna gelmegi” kyn bolan ýerlerde ulanmagy meýilleşdirýändigini New York Times habar berdi.
FDNY, “itler” ýangyn bolan ýerdäki möhüm maglumatlary halas edijilere ýetirip bilerler ýaly olary çylşyrymly gözleg we halas ediş işlerinde ulanmak isleýär.
2021-nji ýylyň başynda Times gazeti, Nýu-Ýork şäheriniň polisiýa Departamenti, “Spot” robotlatyny ( Nýu-Ýork şäheriniň polisiýasy Digidog diýip adyny üýtgetdi) aýratyn hukuk goraýjy tabşyryklarda ulanýan ýurtda ilkinji polisiýa edarasy bolar diýip, habar berdi.
Şeýle-de bolsa, Digidogyň birnäçe aýlap işlemeginden soň, köpçülikleýin reaksiýa Nýu-Ýorkyň polisiýasyna, mehaniki iti Boston Dynamics kompaniýasyna yzyna gaýtaryp bermegine sebäp boldy.
Nartäç EREŞOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 202-nji toparyň talyby