14-nji martda “Realyň” futbolçylary Ispaniýanyň çempionatynyň 28-nji tapgyrynda “Malýorkany” utdy. Madriddäki oýun 3:0 hasabynda tamamlandy.
Ýeňijileriň düzüminde Karim Benzema iki gol bilen tapawutlandy. Indi onuň hasabynda klublaryň we milli ýygyndynyň düzüminde karýerasy üçin 413 goly bar. Şeýlelik bilen, Benzema Týerri Anriden (411) öňe geçip, taryhda fransiýaly oýunçylaryň arasynda iň gowy bombardir boldy.
Ýeri gelende bellesek, 411 gol üçin Anrä 917 oýun, Benzema bolsa 843 oýun gerek boldy.