Bahar pasly toý-baýramlara baý pasyl. Elwan gülli, ýazyň ýakymyny artdyrýan baýramlaryň biri-de Milli bahar baýramydyr. Halkyň Arkadagly zamanynda täze öwüşgine eýe bolan baýramyň şatlyk-şowhuny bütin ýurdumyzy gurşap alýar. Bahar hemişe tebigatyň janlanmagy bilen baglanyşdyrylypdyr, ol täzelenişiň üýtgewsiz nyşany bolmak bilen, şatlyk we janlanyş getiripdir.
Nowruz halkymyzyň şanly geçmişiniň şöhratly sahypalarynda aýdyň şöhlelenýär. Geçmiş taryhymyzyň syrly sahypalarynda Nowruzyň öz beýanyny tapandygy barada taryhy maglumatlaryň mysallary sanardan kän. Nowruz baýramyny Şabende «Geldi nowruz, jümleýi älem gülüstandyr bu gün» diýip taryplasa, Magtymguly Pyragy «Ýerde Nowruz hormaty» diýip ýazýar. Görşümiz ýaly, Nowruz döwründe hemme ýer gülüstanlyga öwrülip, ýaz ekişine başlanýar. Nowruz aslyýetinde ekerançylyk baýramçylygy bolup, biziň babadaýhanlarymyz «Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň — ýaz», «Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli», «Nowruz gelse, buz durmaz» ýa-da bolmasa «Nowruzda hiç bolmanda geçiň şahyny ezse-de hasyla garaşyber» diýmek bilen ekişe girişipdirler. Ýyl turuwbaşdan ygally gelende, «Arpa altmyş günde, bugdaý togsan günde» diýen nakyla eýerip, dag eteklerinde ýazlyk düme ak ekinlerini ekipdirler.
Şoňa görä, sürümiň başlanýan gününi bu gün bilen baglanyşdyrypdyrlar. Obada iň hormatlanýan ýaşuly ekerançylyk işleriniň möwsümine ak pata berip, ilkinji bolup ýeri sürmäge başlapdyr we ýere ilkinji tohumy sepipdir. Ýurdumyzyň oba hojalygynda kabul edilen täzemaksatnama sahawatly türkmen ýaýlalarynyň hümmetini artdyrýar. Bereketli türkmen topragyndan pagtanyň, ak bugdaýyň, gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny öndürýän edermen babadaýhanlarymyz gaýratly zähmet çekýärler we eşretli durmuşda ýaşaýarlar. Türkmen daýhanyna toprakdan bol hasyl öndürip, azyk bolçulygyny döretmäge, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge giň mümkinçilikleriň döredilmegi ýurdumyzyň halkara derejesindäki gülläp ösüşini üpjün edýär.
Nowruz şowhunly we ählihalk baýramydyr. Bu baýram täze günüň, täze ýylyň, täze durmuşyň we ösüşiň baýramydyr. Nowruz beýleki baýramlardan tapawutlylykda, zeminiň-tebigatyň baýramydyr. Ýurdumyzda Nowruz baýramy giňden bellenildi. Nowruza älem-jahan tutuş lälezarlyga bürenýär. Depedir düzler ýaşyl begres ýapynýar. Guzujyklaryň, owlajyklaryň mäleşýän sesleri, bökjekleşip oýnaýyşlary paslyň gözelligine gözellik goşýar.
Hormatly Prezidentimizi, ähli halkymyzy bu ajaýyp baýram bilen gutlaýarys. Bagtyýarlyk baharyny peşgeş beren milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Ogulnabat MÄMMEDOWA,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap
Kärdeşler Arkalaşygynyň geňeşiniň hasapçysy